Türkmenistanyň gazna bazary
     Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Kanunyna laýyklykda, biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň gazna bazary hereket edip başlady. Bu bazar, maliýe bazarynyň bir bölegi hökmünde ýurduň ykdysady subýektleriniň maliýe çeşmelerini emele getirmek we gaýtadan paýlamak boýunça wezipelerini ýerine ýetirýär.

     Türkmenistanyň gazna bazarynyň ösüşini öňe sürmek üçin, 2016-njy ýylda “Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ-i döredildi. Şu güne çenli Biržada 49 söwda geçirildi we jemi 101 834 837,26 million manat möçberinde 57 geleşik hasaba alyndy.

     Gazna biržasynyň potensial gatnaşyjylaryny maliýe çeşmeleri we goşmaça girdejiler bilen isleglerini kanagatlandyrmak üçin, şeýle hem Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryndaky işjeňligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Birža bu bazara gyzyklanma bildirýän ähli şahslary, emitent we maýadar ýa-da hünärli gatnaşyjysy hökmünde gatnaşmaga çagyrýar.

Täzelikler, habarlar we bildirişler

BILDIRIŞ

Hormatly müşderiler! Türkmenistanyň gazna bazary gymmatly kagyzlaryň goýbe-rilişi, dolanyşygy we üzlüşmegi bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklar toplumydyr. Türkmenistanyň gazna bazary emitent-kärhanalaryna paýnamalary we obligasiýalary goýbermek arkaly öz işjeňligini maliýeleşdirmek üçin serişdeleri çekmäge, maýadarlara bolsa serişdeleri maýa goýmak we girdeji gazanmak üçin mümkinçiliklerini berýär.

Gazna bazaryň kömegi bilen täze taslamalar maliýeleşdirilýär, bu bolsa  kärhananyň ykdysady ösüşine goşant goşýar. Türkmenistanyň gazna bazary tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin, oňa gatnaşyjylara bu ugurda belli bir bilim gerek bolup durýar.

Hormatly müşderiler! Aşgabat gazna biržasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamasynyň esasynda, gazna bazary çygrysynda ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gysga möhletli okuw kurslarynyň geçirilmegini dowam edýär.

Häzirki wagtda, Aşgabat gazna biržasynyň Okuw merkezinde, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça "Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen amallar" atly okuw kursyna diňleýjiler toparyny alyp barýar. Okuw kursyny 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Aşgabat gazna biržasynyň ýerleşýän ýerinde başlamak meýilleşdirilýär.

Okuw kursyna ýazylmak isleýän müşderiler şu telefon belgiler bilen habarlaşyp bilerler: 46-86-27, 46-85-82.

Aşgabat gazna biržasy elmydama siziň hyzmatyňyzda!

 

Bildiriş 2025-08-19

BILDIRIŞ

Hormatly müşderiler! Türkmenistanyň gazna bazary gymmatly kagyzlaryň goýbe-rilişi, dolanyşygy we üzlüşmegi bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklar toplumydyr. Türkmenistanyň gazna bazary emitent-kärhanalaryna paýnamalary

Bildiriş 09.01.2025

B I L D I R I Ş

Hormatly müşderiler! Aşgabat gazna biržasy, gymmatly kagyzlar bazarynyň çygrysyna gyzyklanma bildirýän şahslary, şeýle hem maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak isleýänleri gysga möhletli okuw kurslara çagyrýar. Okuw kursy

   2748
Giňişleýin
Bildiriş 04.11.2024

B I L D I R I Ş

Hormatly müşderiler - Türkmenistanyň gazna bazarynyň bolup biljek gatnaşyjylary, Aşgabat gazna biržasy gymmatly kagyzlar bazaryň çygrysynda diňleýjiler üçin gysga möhletli (aýlyk) kurslaryň guramagyny dowam edýär.

   1460
Giňişleýin

Birža söwda ulgamynda satuwa hödürlenýan gymmatly kagyzlar

T/b Emitent Gymmatly kagyz Hödürlenýän bahasy Mukdary (san) Möçberi (manat) Bellik
1 "Lebap et önümleri" AGPJ Obligasiýa 100 60 000 6 000 000 -
2 "Köpetdag-Lada" AGPJ Obligasiýa 1 000 7 000 7 000 000 -

Bellik: Gymmatly kagyzlary satyn almaga isleg bildirýän maýadarlar dellalara ýüz tutup biler.

Dellalaryň telefon belgileri:
"Ynamly Dellal" HJ: +993 (12) 95-76-98
"Degirmen maýa goýumlary" AGPJ: +993 (12) 21-02-17; +993 (12) 21-02-18
Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB: +993(12) 44-02-53
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB: +993(12) 44-40-10
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky: +993(12) 40-64-77
Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB: +993(12) 38-02-34
Türkmenistanyň “Halkbank” PTB: +993(12)44-49-25

Hemmeler üçin maýa goýum tejribesini gazanmak üçin iň giňden tanalýan we ulanylýan ýol

Maliýe sowatlylygy

Maliýe bazary

Maliýe gurallary

Esaslandyryjylar

Gazna biržasynda ýerlenen paýnamalar, TMT